raýdaşlyk

raýdaşlyk
[ra:ýdaşlyk]
Bähbitleriň birligi, bir pikire herekete bolan aktiw duýgudaşlyk.
∙ Bolşewikleriň çagyryşy boýunça Baku işçilerine raýdaşlyk alamaty hökmünde Peterburgda 90 müň işçi iş taşlady. (SSSR Taryhy)
∙ Iş taşlaýjylara raýdaşlyk etmek üçin, Amsterdamyň beýleki kärhanalarynyň hem ençemesiniň işçileri goşuldylar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
∙ 1905-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Rigada Peterburg işçilerine raýdaşlyk alamaty astynda ýüz adam gatnaşan miting boldy. («Mydam Taýýar» gazeti)
∙ Halkara proletar raýdaşlygy.
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem raýdaşlyk - raýdaşlygy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно сделать НИР?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»